Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň kompaniýasy “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da Arkadag şäherinde senagat desgalarynyň gurluşygyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda kompaniýanyň Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolandygyny bellemek gerek.

Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz ugurlaryň köpüsinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, öňdebaryjy german kompaniýalarynyň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda, hususan-da, senagat we oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýandyklary bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş serişdeleri üçin ýurdumyzda ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bardygyny belledi.

Işewürler bildirilen ynam üçin hoşallyklaryny beýan edip, Arkadag şäherinde dörediljek halkara derejedäki lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Ýerli çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümiň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagyna, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylary bellediler hem-de maslahat beriş hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdylar.

Türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy berkitmäge bolan maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek bilen berkidildi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary özlerine bildirilen ynam üçin minnetdarlyk bildirdiler hem-de “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň maslahat beriş hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdylar.