Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert hem gatnaşdy.

Häzirki wagtda Belgiýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde Başlyklyk edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.