TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýan Bori bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar diplomatik we parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça teklipleri beýan etdiler.

Türkmenistanyň Slowakiýa bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary dowam etmek meýilini nazarda tutmak bilen, Ilçi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny belledi. Şeýle hem taraplar energetika, ulag, täze tehnologiýalaryny ulanmak arkaly suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp malslahatlaşdylar.

Özaragatnaşyklaryň tutuş çygryny giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Slowakiýanyň Ilçisini işiniň başlanmagy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde işjeňleşmegine umyt bildirdiler.