ZAGREBDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HORWAT HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Zagreb şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.

Toparyň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Taraplar 2015-nji ýylyň 4-5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-horwat hökümetara toparynyň ikinji mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary döwlet edaralarynyň ugrundan we hususy kärhanalarynyň ugrundan has hem ösdürmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Syýahatçylyk pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşylmagyň aýratyn mowzugy boldy.

Şeýle hem taraplar üstümizdäki ýylyň güýzünde Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşdylar. Mundan başga-da taraplar Bilim ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ugrundan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ara alnyp maslahatlaşmalaryň jemleri boýunça taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.