AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çykyş edip, açyk gepleşikler görnüşindäki bu çäre dini guramalaryň işi we işiniň şerlteri bilen jikme-jik we giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi barada aýtdy.

Tegelek stolunyň işine gatnaşyjylar çykyş etmek bilen, dini guramalaryň işiniň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi, dine uýmak azatlygy boýunça raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi çygrynda milli kanunçylygynyň ösmegi, dini guramalary hasaba almagyň düzgünleri, şol sanda dine uýmak azatlygyny üpjün etmekde kanunçylygyň wezipeleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda döwlet syýasatynyň esasy ähmiýetleriniň biri hem demokratik ýörelgeleri we döwletiň hem-de jemgyýetiň hukuk esaslaryny berkitmekden, şeýle hem, her bir adamyň raýat, syýasy, ykdysadsy we sosial hukularyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmekden bolup durýar diýip bellediler.