Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabara geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň resmi adamlary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, biz şu gün gojaman Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakanyň şaýady bolýarys. Bu dabaramyza gatnaşýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny, wekiliýet Baştutanlaryny, Siziň ähliňizi bereketli türkmen topragynda hoş gördük diýip aýtdy hem-de hemmeleri güneşli we myhmansöýer Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, şu günki maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu belent şygaryň astynda tutuş halkara gatnaşyklar ulgamynda amala aşyrylýan bilelikdäki tagallalaryň, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky giň gerimli çäreleriň hökman özüniň oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri üçünji gezek geçirilýän bu ýokary derejedäki halkara forumyň dowamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalaryň boljakdygyna hem-de oňyn teklipleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli mübärekledi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylaryň şeýle giň wekilçilikli düzümine Türkmenistana goýulýan hormatyň, ynamyň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuna, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy ýola goýmakda edýän tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda gadyrly myhman, dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýokary maksatlarynyň daşynda jebisleşen Türkmenistanyň hyzmatdaşlary hökmünde kabul edilýändigini belläp, hemmelere: “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýdi.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň geçirilmegi kanunalaýyk we çuňňur esaslandyrylandyr. Bu maslahat biziň ýurtlarymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan we ösüp barýan döwletleriň dünýä proseslerindäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň meselelerine hem-de kanuny bähbitlerine ünsi çekmäge, häzirki zaman dünýä gurluşynda mynasyp ornuny üpjün etmäge gönükdirilen uly we çynlakaý işiň bir bölegi bolup durýar.