Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ýerleşýän “Bler Haus” Prezidentiň myhmanhanasynda geçirilen resmi dabarada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet protokolynyň başlygy Monika Kraula ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.
Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri, şol sanda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Jon Pommershaým gatnaşdy.
Dabaradan soň amerikan tarapy ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuran ilçileriň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşyldy.