ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 1-nji maýynda ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapuryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenilip, yzygiderli dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de sebitara baglanyşygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşyk dostlukly ýagdaýda geçirilip, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek tassykladylar.