img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň işewürler wekiliýeti «SelectUSA 2026» maýa goýum sammitine gatnaşdy

img
img
img
img

Türkmenistanyň işewürlerden ybarat wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolup, "SelectUSA 2026" maýa goýum sammitiniň işine gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen telekeçileri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri hem-de maýa goýujylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi hem gatnaşdy.

Sammitiň çäklerinde umumy mejlis, sergi, maýa goýum mümkinçilikleri, öňdebaryjy tehnologiýalar we senagat önümçiligi ýaly möhüm ugurlar boýunça bilermenleriň gatnaşmagynda geňeşmeleri öz içine aldy.

Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy döwletimiziň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýändigini görkezýär. Şeýle hem, bu çäre Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda söwda, maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga bolan özara ygrarlylygyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.