Halkara Pul Gaznasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşine bagyşlanan çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Waşington şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň baş edarasynda “Sebitleýin we ählumumy ykdysady mümkinçilikleriň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi” atly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy bilen Halkara Pul Gaznasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, işewür birleşikleriniň hem-de kompaniýalarynyň 80-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisi Halkara Pul Gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Patryk Loşewski alyp bardy. Şeýle hem Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Esen Aýdogdyýew, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi hanym Elizabet Rud, ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň we Döwlet departamentiniň wekilleri, şeýle hem ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň, Halkara Pul Gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, CIPE, TABCA-nyň wekilleri hem-de işewürler çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasy, türkmen-amerikan söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara Pul Gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri sebitleýin hem-de ählumumy ykdysady ýagdaýlar barada maglumat berip, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüş görkezijilerini we Türkmenistanyň uly ykdysady mümkinçiliklerini bellediler.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan baý türkmen taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan sergi guraldy. Sergide türkmen halylary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, kitaplar, çeper eserler we Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini, däplerini hem-de häzirki zaman ösüşini görkezýän eserler görkezildi. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hem hödürlenildi.
Çäre Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyrmak, halkara hyzmatdaşlar we ABŞ-nyň işewür toparlary bilen dialogy pugtalandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň baý medeni mirasyny görkezmek üçin möhüm meýdança boldy.