img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

JORJ WAŞINGTON UNIWERSITETINIŇ MUZEÝINDE TÜRKMEN EKSPONATLARYNY HEM ÖZ IÇINE ALÝAN BEDEWLER ÜÇIN BEZEG DOKMA ÖNÜMLERI GÖRKEZILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň wekilleri Waşington şäherindäki Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýinde we Dokma muzeýinde geçirilen “Bedewleriň bezegi: kuwwatyň we abraýyň nyşany bolan bedewler üçin dokma bezeg önümleri” atly sergä, şeýle hem “Atlan” atly dokumental filmiň görkezilişine gatnaşdylar.

Sergide dürli halklaryň däplerinde atyň taryhy we medeni ähmiýetini görkezýän atçylyk bezeg-dokma önümleri görkezilýär. Sergide türkmen halkynyň baý çeperçilik däplerini we atçylyk medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşygyny beýan edýän türkmen eksponatlary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýi we Dokma muzeýi tarapyndan “Bedewleriň bezegi: kuwwatyň we abraýyň nyşany bolan bedewler üçin dokma bezeg önümleri”  atly katalog hem neşir edilip, onda dürli halklaryň at dokma bezeg önümleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň hem öz bedewlerini bezemek üçin ulanan haly we dokma senetleri görkezilýär.

Çäräniň dowamynda Ilçihananyň wekilleri serginiň guramaçylary bilen duşuşyp, atçylyk mirasyny gorap saklamagyň we wagyz etmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şeýle hem 2026-njy ýylyň Türkmenistanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi.

Ilçihana türkmen atçylyk mirasyny wagyz etmekde we Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekde goşýan goşandy üçin Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýine we Dokma muzeýine minnetdarlyk bildirdi.