img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşe agza bolan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen baglylykda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada çykyş etdi. Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika, senagat we hususy pudak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny bellediler we şu ýylyň dowamynda amerikan işewürlik wekiliýetiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.