img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi senator Stiw Deýns bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda ABŞ-nyň Senatynyň binasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk gecirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şol sanda ikitaraplaýyn gepleşikler, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika we sebitara baglanyşyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda C5+1 formatdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň oňyn depginde ösýändigini nygtap, özara bähbitli dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.