Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi ABŞ-nyň Kongresiniň agzasy Bill Huizenga bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda ABŞ-nyň Kongresiniň binasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzasy Bill Huizenga bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hususan-da, syýasy dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, sebitara baglanyşygy, şeýle hem C5+1 we B5+1 görnüşindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kongresmen Bill Huizenga C5+1 sammitiniň oňyn netijelerini belläp, ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Taraplar sebit meseleleri we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.