KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkiýe Respublikasynda harby agdarylyşyk synanyşmasy baradaky maglumatlar Türkmenistanda çuň ynjalyksyzlyk bilen kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti türk halkyna we döwletine goldawyny hem-de Türkiýedäki ýagdaýlaryň durnuklaşjakdygyna berk ynamyny beýan etdi.

Döwletiň baştutany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, ýurdumyzy taryhy we doganlyk gatnaşyklary bilen baglaşdyrýan Türkiýede bolup geçýän hadysalary hemişelik ýagdaýda gözegçilik etmegi we ýurtdaky ýagdaý barada wagtynda habar bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanda bolýan Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryna ynsanperwer meseleleri boýunça zerur bolan ähli ýardamlary amala aşyrmagy tabşyryldy.

 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy