img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Waşingtonda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäre geçirildi.

Waşington welosipedçiler birleşigi (WABA) hem-de Dünýä serişdeleri instituty (WRI) tarapyndan guralan çärä Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Nepalyň, Litwanyň, Indoneziýanyň, Gwatemalanyň, Kosta Rikanyň ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de beýleki birnäçe döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda diplomatik korpusyň agzalary Waşington şäheriniň merkezi bölegi boýunça welosipedli ýöriş geçirdiler.

Weloýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşyjylary Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden kararyň halkara ähmiýeti bilen tanyşdyrdylar.

Gatnaşyjylar welosipediň sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmekde, daşky gurşawy goramakda hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýönekeý, elýeterli, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi hökmünde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellediler.