Türkmenistanyň Ilçisi senator Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýakynda geçiriljek duşuşyklardyr çäreler barada pikir alyşyp, iki ýurduň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.