ABŞ-nyň Döwlet sekretary türkmen halkyny Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna mähirli gutlaglaryny beýan etdi.
Döwlet sekretary öz gutlagynda söwda, maýa goýumlar, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri belledi.
Şeýle hem ol emeli aň we sanlylaşdyrma meseleleri boýunça «C5+1» formatynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berip, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.