TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI NURSULTAN NAZARBAÝEW BILEN DUŞUŞDY

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň täzeçe çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurlygy barada ýurt Baştutanlary belläp geçdiler.