AŞGABATDA ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady.

Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine uly üns berýändigini hem-de ABU-nyň Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar halkara sergide gurnalan innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanan şeýle-de beýleki ekspedisiýalar bilen tanyşdylar.

Şeýle hem ABU-nyň Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Radioda işleýän hünärmenleriniň topary, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça topary, Meýilnama komiteti, Tehniki topary, Sport toparynyň halkara sport ýaryşlarynyň hukuklary, şeýle hem Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boýunça maslahatlary öz işine başlady we bu aýratyn sessiýalar boýunça geçiriljek maslahatlar 2-nji oktýabra çenli dowam eder.