TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussela amala aşyrjak saparyny belläp geçdiler.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň zerurlygyny bellediler. Maslahatyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma hem bildirildi.