TÜRKMENISTAN BILEN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI

2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen täze transmilli energetika geçirijisini döretmegiň örän wajypdygy nygtaldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň we serhetdeş ýurtlaryň giň çäklerinde howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnuklylygyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi aýratyn möhümdir.

Öz nobatynda, şu gün gönüden-göni serhetdeş döwletleriň çäkleri boýunça transmilli energetika ulgamyny çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy. Hususan-da, ylalaşykda täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana — Hyrada we Gandagara, hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýanyň möçberleri kesgitlenildi. Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edip belleýşi ýaly, Owganystanyň doly bahaly hyzmatdaşyň hukuklarynda iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga goşulyşmagy Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýydyr.

Hökümetiň hem-de ähli owgan halkynyň adyndan goňşy ýurda berilýän hemmetaraplaýyn kömek we hakyky goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirildi. Nygtalyşy ýaly, Owganystanda sebitde durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmakda anyk işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berýärler hem-de iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ygtybarly berkidýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýarlar.

Şu babatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda gol çekilen ylalaşyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna ýardam berer.