TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BOLDY

2018-nji ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde iş sapary bilen boldy.

Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýolbaşçylary we agzalary bilen duşuşyk geçirdi.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetini Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Sindzo Abe kabul etdi. Şunuň ýaly-da, DIM-ara we parlamentara, energetika, transport hem-de söwda-ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen hem ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen netijeli gepleşikleriň dowamynda taraplar özara bähbitli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýeten derejesini we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn hem, Türkmenistanda bilelikde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan täze wajyp taslamalara hem seretdiler.

Ýokarda agzalan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.