TÜRKMEN - AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gazanylan netijelerine seretdiler.

Soňra wekiliýet ýolbaşçylary ikitaraplaýyn duşuşygy tamamlap, şu ýylyň 25-26-njy oktabry aralygynda iki günlik geçirilýän syýasy geňeşmeleriniň işine gatnaşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy we sebitleýin gatnaşyklaryň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň üstünde durup geçdiler. Mundan başga-da, gepleşiklere gatnaşyjylar howpsuzlyk we hukuk tertibi bilen bagly meselelere aýratyn üns berip, şol ugurlar boýunça degişli soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň işi dowam edýär.