TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Pretto, BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany N.German, GDA-niň Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý, ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygy N.Drozd çykyş etdiler.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri barada gatnaşyjylara habar berildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we deňiz ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär.

Bu ugurda BMG-de we beýleki abraýly halkara guramalarda umumy tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeläp, Bitarap Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri infrastruktura taslamalary teklip edýär we amala aşyrýar, seýlelikde sebitleýin we global ölçeglerde ulgamlaýyn ulag infrastrukturasynyň döredilmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar.