TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda iki döwletiň Ýolbaşçylary birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen hem-de gyrgyz halkaryna abadançylyk we ýurtlarynyň gülläp ösmegini arzuw etdiler.

Soňra ýurt Baştutanlary türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp mashatlaşmagyň söhbetdeşligine geçdiler. Söwda, ykdysady, ylmy-tehniki, şeýle hem ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça soraglar bellenip geçildi.

Mundan başga-da, telefon arkaly gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem iki ýurduň iri guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň hem-de GDA-nyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklary alyp barmaklgyň wajypdygy bellenip geçildi.