TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Taraplar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdiler. Bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Bellenilşi ýaly, köp ugurlary öz gerimine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi özara bähbitli türkmen-ermeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlük gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmelidir.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajyp şerti bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň möhüm orny nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem berkejekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.