AŞGABATDA TÜRKMEN-ESTON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-eston syýasy geňeşmeleri geçirildi. Eston Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň baş direktory Lembit Uibo ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we türkmen-eston gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýyna syn berdiler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp hem-de iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyny we Meýilnamasyny taýýarlamak we gol çekmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar şunuň ýaly yzygiderli geňeşmeleri geçirmekligi ýola goýmagy teklip etdiler. Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga itergi berýän ýokary döwlet derejesindäki gatnaşygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. 

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary – ulag we energetika diplomadiýasy bellenilip geçildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary we eston tarapynyň beren goldawy aýratyn bellendi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da ÝB we BMG çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady kuwwaty hakynda pikir alşyp, türkmen tarapy Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň täze taslamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Taraplar şeýle-de bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berdiler. Eston tarapy oba hojalygy, elektron hökümeti, sanly ykdysadyýet ugurlary babatdaky hyzmatdaşlyk boýunça öz tekliplerini beýan etdi.

Şeýle-de gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri, hususan-da ýurt barada tanyşdyryş, sergiler we medeni çäreler geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň ahyrynda türkmen tarapy eston tarapyny şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady Forumyna gatnaşmaga çagyrdy.