BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komendanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.   

Şeýle-de duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ulgamynda işleriň gurallaryny kämilleşdirmegiň geljekki ädimlerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar Uniwersal döwürleýin synyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňünde goýlan teklipleriň ýerine ýetirilmegi boýunça ýol kartasyny düzmegiň meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.