Kiýewde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara konferensiýasy geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasy bilen bilelikde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna bagyşlap we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň şertidir» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasynyň maslahatlar otagynda geçirilen Halkara forumynyň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Daşary işler ministri P.Klimkin, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi, aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi W.Maýko, Diplomatik Akademiýasynyň rektory N.Kuliniç, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet we hukuk institutynyň direktory Ýa.Nuryýew we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar we çykyş etdiler.