TÜRKMENISTANDA SAUD ARABYSTANYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Saud Arabystanynyň Media ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda çykyş eden Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň agzalary bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljakdygyny belläp geçdiler. Çäräniň açylan gününde myhmanlara Saud Arabystanynyň sungat ussatlarynyň konserti görkezildi, onuň maksatnamasyna folklor saz gurallary hem-de wokal toparlarynyň çykyşlary girizildi we olar halk sazlaryny we şygyrly aýdymlary ýerine ýetirdiler.  

Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde grawýuralaryň sergisi, şeýle hem fotosergi geçiriler. «Watan» kinokonsert merkezinde folklor we saz toparlarynyň çykyşlary görkeziler.  

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda iki döwletiň ylmy wekilleriniň duşuşygy hem-de Saud Arabystan Patyşalygynyň alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň we Arap ýarymadasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ähmiýeti hakyndaky çykyşlary meýilleşdirilendir.

Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeýleri we gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak, olaryň «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelençleriniň guralmagy, şeýle hem Saud Arabystanynyň artistleriniň Mary şäheriniň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşlary göz öňünde tutulandyr.