BAKUDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi.  

Brifingiň barşynda türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça başlangyçlary, şeýle hem bu giň gerimli forumyň geçirilmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda döwlet derejesinde görülýän taýýarlyklar barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem bu forumyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygy bellenilip geçildi.