TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI

29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler. 

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar.