TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Mohamed Al Halifa bilen duşuşdy.

Bahreýn Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýalarynyň wajyplygyny aýratyn belledi.

Bahreýniň Patyşasynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, taraplar iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi hakynda belläp geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek barada pikir alşyldy.