MINSKIDE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ STRATEGIK YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Minskide bolan Arkalaşygyň dörediji we beýleki edaralarynyň ýanynda gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi.

Mejlisde Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanan hem-de kabul edilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama möhüm resminama bolup durýar. Ygtyýarly wekilleriniň Minskidäki mejlisine gatnaşanlar Jarnama laýyklykda strategik ykdysady hyzmatdaşlyk wezipelerine ünsi jemlediler.

Resminamada GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasynyň deňhukukly hyzmatdaşlaryň mäkäm birleşiginden ybaratdygy bellenildi. Ol bolsa Ýewraziýa giňişliginde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýyny emele getirýär. Bu birleşik Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzak möhletli hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr halkasy bolup durýar.

Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky meselä-de garaldy, ony oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Moskwada geçirmek bellenildi.