DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Adalatçysy, şeýle-de jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, ÝHHG-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Pudagara toparynyň başlygy bolmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler barada giňişleýin gürrüň etdi.

Bu duşuşyga gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyklaryny beýan edip, halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň adam hukuklarynyň, ilatyň ejiz gatlaklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny nygtadylar. Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklarynyň goraglylygy ulgamynda milli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we kanunlaryň taýýarlanylmagynyň barşynda bu Toparyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler we bu ugurdaky pikirleri, maslahatlary hem-de teklipleri alyşdylar.

Bu mazmunda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we olaryň goşmaça teswirnamalaryna goşulmagynyň meseleleri bilen birlikde, adam hukuklary boýunça habardarlygyň ýokarlandyrylmagy ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm temalarynyň birine öwrüldi.

Mejlisi jemlemek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri halkara guramalaryny Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň durmuşa geçirilmegi we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegi boýunça işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrdy.