AŞGABATDA DÖWLET EDARALARYNYŇ WE KHBS-NIŇ ÖZARAHEREKET ETMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINAR ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda netijeli özarahereket etmegiň başarnyklary boýunça iki günlük seminar öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guraldy.

Seminara ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň milli hem-de garaşsyz KHBS-niň hünärmenleri gatnaşdylar.

Beýik Britaniýadan we Polşadan gelen halkara bilermenler sanly döwürde metbugat-gulluklarynyň ähmiýetleri, jemgyýetçiligi habardar etmegiň onlaýn gurallary, döwlet edaralarynyň kommunikasion strategiýalary we täzelik-habar işiniň beýleki möhüm meseleleri bilen birlikde bu derwaýys işiň giň toplumyny beýan etdiler.

Seminaryň açylyşynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy hanym Natalýa Drozd Türkmenistanda ösüşiň sanly ulgamyna geçilmegi, şol sanda täze hökümet web-saýtlarynyň döredilmegi we hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegi nukdaýnazardan bu okuwyň derwaýyslygyny we ähmiýetliligini aýratyn belläp geçdi. Diplomat şeýle-de bu okuw kursunyň maksadynyň maglumat-habar işiniň gymmatlyklarynyň we standartlarynyň kesgitlenilmeginden, onlaýn-KHBS-de işlemek endikleriniň ýokarlandyrylmagyndan we metbugat-maslahatlaryny geçirmegiň hem-de dürli tema boýunça metbugat-relizlerini düzmegiň usullarynyň kämilleşdirilmeginden ybaratdygyny aýratyn nygtady.

Seminar öz işini 2020-nji ýylyň 4-nji martynda hem dowam eder.