KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy.

Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar.

Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet edaralary we ykdysady birlikleri ABŞ-nyň kompaniýalary bilen bilelikde elektroenergetika, raýat awiasiýasy, howa-älem ulgamynda, oba hojalykda we strategiki taýdan ähmiýetli bolan beýleki ençeme ugurlarda umumy bahasy 3,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 167 sany taslamalary (şertnamalary) durmuşa geçirdiler. 

Türkmen tarapy elektroenergetiki desgalarynyň gurluşygynyň, awiasiýa, oba hojalyk, gurluşyk-ýol tehnikalarynyň getirilmeginiň, şeýle-de amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işleriň hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň buýrujysy bolmak bilen, ýokarda görkezilen taslamalaryň çäklerindäki degişli tölegleri özüniň hususy pul serişdeleriniň hasabyna amala aşyrandyr.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy