ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ TÜRKMEN TALYPLARY ÜÇIN LEKSIÝALARY

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn-leksiýalary geçirildi.

Diňleýjileriň arasynda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary bardyr.

Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki temalary öz içine aldy: «Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň guramaçylygy hakynda» we «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy». Professor tutuş dünýäde howpsuzlygyň hemmetaraplaýyn saklanylmagyna gönükdirilen Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň edip, jenap Lassina Zerbo ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň saklanylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygyny aýratyn belläp geçdi.