TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ MINISTRLER GEŇEŞINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde öz işine başlady.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. 

Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Mejlisiň birinji gününde ÝHHG-niň häzirki Başlygynyň we Guramanyň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ýüzlenmeleri diňlendi. Şeýle-de ÝHHG-niň Sekretariatynyň hasabaty hem gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Soňra plenar mejlisler dowam etdi, olaryň barşynda ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň hem-de hyzmatdaşlyk boýunça hyzmatdaş-ýurtlaryň wekiliýetileriniň baştutanlary, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.   

Taraplar ÝHHG-niň giňişliginde syýasy, ykdysady, ekologiki hem-de ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Howpsuzlyk, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy, global pandemiýa garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi. Has ysnyşykly utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk, kämilleşdirilen strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler üçin açyklyk arkaly ÝHHG-niň işini pugtalandyrmagyň zerurlygy bellenilip geçildi.

Mejlisiň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ÝHHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. ÝHHG-niň platformasynda hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegi boýunça, hususan-da durmuş, ykdysady, ekologiýa we energetika howpsuzlygy ulgamyndaky takyk teklipler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

«Biziň ýurdumyz mundan beýläk hem döwletleriň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary kesgitleýji aýratynlyklar hökmünde halkara hukugynyň ýörelgeleriniň, ynsanperwerligiň, adalatlylygyň, çydamlylygyň, özara hormat goýmagyň gymmatlyklarynyň tassyklanylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaz», diýip R.Meredow beýan etdi.