DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINE SOWGATLAR GOWŞURYLDY

2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň edarar binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň ýolbaşçylary, bäsleşigiň ýeňijileri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Halk we Watan diýen beýik sözler ýaşlaryň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi.

Bäsleşigiň baş maksady «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda bitaraplygyň türkmen nusgasynyň hukuk aýratynlygyny, onuň halkara we sebit derejesindäki ähmiýetini we durnukly ösüşiň, oňyn bitaraplyk syýasatynyň özboluşly aýratynlyklary hakynda öz garaýyşlaryny beýan etmek bilen, parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyndaky aýratyn ornuny giňişleýin açyp görkezmekden, Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oýlanşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary täze döredijilik gözleglerine we belent üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sebit we halkara derejesinde tutuş adamzadyň bähbitlerini nazarlaýan hem-de ýer ýüzüniň ilatynyň asuda we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen ýokary ynsanperwer başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunlukda Türkmenistanyň Prezidentiniň hemişelik bitaraplyk syýasaty arkaly ählumumy durnuklylyga, howpsuzlyga we raýdaşlyga gönükdirilen ynsanperwer maksatlaryň hemmetaraplaýyn ilerledilmeginde ýaşlaryň ähmiýeti aýratyn uludyr.

«Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bu bäsleşigi guraýjylaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşlara berýän goldawlary we edýän aladalary üçin minnetdarlyklaryny beýan etdiler.