TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NIŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ DERWAÝYSLYGYNY NYGTADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitinde eden çykyşynda energetika meselelerine hem aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutany: «YHG-niň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmekligi, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermekligi hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris» - diýip nygtady. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurýandygyny, munuň bolsa oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýandygyny nygtady.   

Şeýle-de «Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan» hem-de «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň netijeliligi hem aýratyn bellenildi.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň sebitiniň içinde, edil şonuň ýaly-da onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlarynyň zerurlygyny hem nygtady. Munuň üçin döwlet baştutany YHG-niň kontinentde beýleki döwletara birleşikler bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly düzümler bilen  maksada gönükdirilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny teklip etdi.