TÜRKMENISTAN TÜRK GEŇEŞINIŇ DÖWLETLERI BILEN ULAG WE ARAGATNAŞYK BABATDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ TARAPDARY

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) şu ýylyň 31-nji martynda geçirilen resmi däl Sammitinde özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini jikme-jik beýan etdi. Sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Tükmenistanyň hereketleri beýan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe durnukly halkara ulag ýükleriniň üpjün edilmeginiň meselelerine köptaraplaýyn seretmek barada türkmen tarapynyň teklibi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy we şu ýylda Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmegi maksat edinýändigini belledi.