TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
![](https://usa.tmembassy.gov.tm/static/uploads/AFxcNDSVy6qbkimIODivQ3cjCSmqLS-920x340.jpg)
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda TDIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi.
Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly kararnamasy esasynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.