TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER

Şu gün, 6-njy awgustda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi.

Gyrgyzystanyň Döwlet baştutany Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.

Iki dostlukly ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler.