MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň çäklerinde Prezidentler ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. 

Şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.