TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «АWAZADA» BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda sebitiň ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketlerini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin özaboluşly meýdança bolup çykyş edýän Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň derwaýys ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda golaýda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen we  BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama esasynda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.