MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY WE MEDENI UGURLAR BOÝUNÇA SERGILER

Şu gün, 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň iki günlük halkara sergisi öz işine başlady.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Sergide Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümleri görkezildi. Ýokary derejeli myhmanlar sebitiň ýurtlarynyň dürli ugurlardaky, şol sanda maliýe-ykdysady, nebit-gaz, oba hojalygy, ulag, senagat, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ýeten sepgitleri bilen tanyşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi 7-nji awgustda öz işini dowam eder. Serginiň çäklerinde birža söwdalary hem geçirilýär.

Şeýle hem 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň Amfiteatrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly geçirildi. Çärä döwlet baştutanlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar.

Festiwalyň guramaçylyk işlerine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistana sebitiň ýurtlaryndan ökde aşpezler geldiler hem-de olar öz tagamlarynda milli medeniýetiniň özboluşlylygyny beýan etdiler.

Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine we giňeldilmegine öz goşandyny goşar.