DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 10-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi.

Biri-birleri bilen gyzgyn salamlaşyp, taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen durmuşyň ähli pudaklaryny öz içine alýan netijeli özara hereketlerini nygtadylar.  Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy bu halkara düzümiň hemmetaralaýyn kanunylygy, onuň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgeleriň we wezipeleriň derwaýyslygy babatda Türkmenistanyň ynamyny tassyklady.

Diplomatlar häzirki we geljegi uly bolan taslamalara seretdiler,  hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energiýa, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapýan beýleki ulgamlarda döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň ähmiýetini bellediler. Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda, şeýle-de BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar şeýle-de 2020-nji ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki strategik wezipeleriň arasynda adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy, ýaşyl we durnukly ykdysady ösüş, elýeterli saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy bar. Milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça iş ýüzündäki hereketlere seredildi. Taraplar agzalan maksatlara ýetmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Dmitriý Şlapaçenko täze bellenilen jogapkärli wezipesi bilen bagly mähirli sözler we gutlaglar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle-de BMG-niň ýurt boýunça toparyna ýolbaşçylyk etmek bilen, ählumumy parahatçylyk, durnuklylyk hem-de gülläp ösüş ugrunda BMG-niň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi.