TÜRKMENISTAN GÖZEGÇILIK-GOÝBERIŞ NOKATLARYNYŇ TALABALAÝYK IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEK BABATDA OWGAN TARAPY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň ýolbaşçylary hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar.

Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sanitariýa-epidemiýa kadalaryna laýyklykda, «Ymamnazar-Akina» gümrük gözegçilik nokadynyň işini güýçlendirmäge ylalaşdylar. Ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan tarapy zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek babatda türkmen tarapynyň dostlukly goldawyny kanagatlanma bilen kabul etdi.